«Türkmen Logistika» assosiasiýasy hem-de Latwiýanyň milli ýük ekspeditorlary we logistika assosiasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi

15 Iýun 2023
419

Rigada geçirilen «Latwiýa-Merkezi Aziýa» transport-logistika işewürlik forumynyň çäklerinde «Türkmen Logistika» assosiasiýasy we Latwiýanyň milli ýük ekspeditorlary we logistika assosiasiýasy özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekdiler.

Logistika hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, üpjünçilik zynjyrlaryny we halkara ýük daşamalaryny ýeňilleşdirmekde möhüm bolan häzirki zaman sanly ulgamlary ornaşdyrmak, halkara tejribäni öwrenmek üçin halkara bilermenleriň gatnaşmagynda iş maslahatlaryny we duşuşyklary guramak, şeýle hem logistika hünärmenleriniň hünärlerini ýokarlandyrmak we taýýarlamak boýunça okuw kurslaryny hem-de seminarlary geçirmek Ähtnamanyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary bolup durýar.