Türkmenistan — hytaý: hoşniýetli hyzmatdaşlygyň nurana menzilleri

14 Iýun 2023
507

Beýik Ýüpek ýolundan gözbaş alyp gaýdýan köpasyrlyk taryhy bolan türkmen-hytaý gatnaşyklary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ilkinji döwlet saparyny gadymy Çyn-Maçyn ýurdundan — Hytaý Halk Respublikasyndan başlamagy munuň anyk mysalydyr. Belent mertebeli Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen ýokary derejede geçiren resmi duşuşygy we gepleşik mahaly gazanylan ylalaşyklar iki ýurduň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de batly depginlerde ösdürilmegine giň ýol açdy. Bu taryhy saparyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bilen HHR-iň arasynda ýola goýlan diplomatik gatnaşyklaryň 31 ýyllygyna gabat gelmeginiň çuňňur manysy bar. 1992-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda ýola goýlan türkmen-hytaý diplomatik gatnaşyklarynda uly tejribe toplandy, buýsançly menziller aşyldy. Olaryň hatarynda dünýä jemgyýetçiliginde «XXI asyryň ägirt taslamasy» adyny alan Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisi aýratyn orun eýeleýär. Indi köp ýyllardan bäri türkmen gazy hytaýly dostlarymyzyň öýüni ýyladýar, şol bir wagtyň özünde olaryň ýüreklerine mähir paýlaýar.

Täze taryhy eýýamda dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň biri hasaplanýan Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky däp bolan dostana hyzmatdaşlyk hil taýdan täze derejä çykarylýar. Söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, himiýa senagaty, ulag, aragatnaşyk, oba hojalygy ýaly möhüm ulgamlar hem-de medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek barada gazanylan ylalaşyklar, gol çekilen resminamalar, kesgitlenen sepgitler türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň uly geljeginden habar berýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň häzirki derejesine ýokary baha berip, şeýle diýýär: «Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky häzirki gatnaşyklar giň gerimli hem-de köpugurlydyr. Ol esasy ulgamlaryň ählisini — syýasat, ykdysadyýet, söwda, medeniýet, ylym we bilim ulgamlaryny öz içine alýar. Netijeli işlenip taýýarlanylan hökümetara hyzmatdaşlygyň gurallary hereket edýär. Ikitaraplaýyn hukuk binýadynyň toplumy döredildi, parlament we partiýa ugurlary boýunça, telekeçilik düzümleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet we ylym işgärleriniň arasynda gatnaşyklar üstünlikli alnyp barylýar. Iki döwletiň we halkyň özara gatnaşyklary ösdürilýär, onýyllyklary nazarlaýan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ygtybarly binýady goýulýar».

Maksat ÇARYÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ylmy işler boýunça prorektory.