ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparyň mejlisi

13 Iýun 2023
390

Aşgabat, 12-nji iýun (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, degişli halkara guramalaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň gün tertibine Türkmenistanyň 2021 — 2023-nji ýyllarda ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografiýa toparynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzasy hökmünde alyp baran işleri baradaky hasabaty girizildi. Türkmenistanyň Ýerine ýetiriji geňeşiň agzalygyna saýlanmagy ýurdumyzyň ekologiýany, suw serişdelerini goramak boýunça halkara we sebitara çärelere işjeň gatnaşmak boýunça tagallalarynyň nobatdaky beýanydyr. Munuň özi türkmen döwletiniň alyp barýan ekologiýa we suw diplomatiýasyna laýyk gelýär. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparynyň agzalary toparyň 2023-nji ýyl üçin meýilnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlaryna garadylar.