Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýran Yslam Respublikasynyň Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy bilen ýokary derejede gepleşikleri geçirdi

30 Maý 2023
474

Ozal habar berşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary dowam edýär. Saparyň çäginde Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammad-Bager Galibaf bilen duşuşdy.

Duşuşygyň başynda taraplar birek-birek bilen mähirli salamlaşyp. Dostlukly gatnaşyklaryň ähmiýeti dogrusynda gepleşikleri geçirdiler.