Hytaý Merkezi Aziýa ýurtlary bilen sanly söwda pudagynda söwda gatnaşyklaryny giňeltmegi maksat edinýär. Hytaýyň Söwda ministrliginiň resmi wekili Şu Juetingiň sözlerine görä, Hytaý öz kärhanalaryna Merkezi Aziýada ammarlary döretmek boýunça amallaryny goldamaga, Hytaýyň elektron söwda platformalarynda hasaba alnan ýurtlaryň kompaniýalaryna ýardam bermäge, şeýle-de ösen sanly tehnologiýalary ösdürmekde tejribe alyşmaga taýýar.
Mundan başga-da, Söwda ministrliginiň resmi wekili Aziýa ýurtlaryndan goşmaça önümleriň möçberiniň Hytaýyň bazaryna girmegini goldaýandygyny aýtdy. Hytaý serhetara infrastrukturanyň gurluşygyna, nebit-gaz pudagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, serhetara turbageçirijileriň gurluşygyny ösdürmäge, oba hojalygyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga we Merkezi Aziýa ýurtlaryndan ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň importyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Şeýle hem Hytaý Merkezi Aziýa ýurtlary bilen köptaraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlygy berkitmegi meýilleşdirýär we Türkmenistan bilen Özbegistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna tizara agza bolmagyny goldaýar.