Türkmenistan — Gruziýa: parlamentara gatnaşyklar pugtalandyrylýar

23 Maý 2023
513

Aşgabat, 22-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde “Türkmenistan — Gruziýa” parlamentara dostluk toparynyň başlygy Dawid Matikaşwiliniň ýolbaşçylygynda ýurdumyza gelen Gruziýanyň parlament wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa myhmanlary mähirli garşylap, häzirki wagtda parlamentarileriň döwlet durmuşynda barha artýan ornuny belledi. Parlamentara gatnaşyklar ýurtlaryň arasynda netijeli gepleşikleri ösdürmegiň, halkara hyzmatdaşlygy, özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm gurallarynyň biri bolup durýar.