Merkezi Aziýa — Hytaý hyzmatdaşlygynyň täze eýýamy

23 Maý 2023
561

Sian sammitiniň netijelerine syn

Beýik hytaý akyldary Konfusiniň: «Uzakdan dostuň gelmegi şatlyk dälmidir!» diýen meşhur jümlesi bar. Şu ýylyň 18-19-njy maýynda hem Konfusiniň watany Merkezi Aziýa döwletleriniň Liderleriniň bäşisini bir ýere jemläp, millionlarça däl, hatda milliardlarça ynsanyň ykbalyna täsir etjek taryhy wakanyň şaýady boldy. Geçmişde Gündogaryňdyr Günbataryň siwilizasiýalaryny baglanyşdyryp, adamzadyň ösüşine goşmaça bat beren Beýik Ýüpek ýolunyň gözbaş alan ýeri — Hytaýyň Sian şäheri «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşmak üçin ýol aşyp gelen ýakyn dostlary duşurmak bilen, şu günlerde tutuş dünýäniň ünsüni özüne çekdi. Sebitleýin hyzmatdaşlygyň taryhynda täze eýýamy açan bu altytaraplaýyn duşuşyga hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem gatnaşyp, çuň manyly çykyş etmegi biziň ýurdumyzyň sebitiň gülläp ösmeginiň bähbidine gönükdirilen işlere jogapkärli çemeleşýändiginiň, dostluk köprüleriniň binýadyny berkitmäge ygrarlydygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».