Beýik işleriň belent ykrarnamasy

22 Maý 2023
577

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 16-njy maýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisiniň dowamynda ýurdumyzyň başlangyjynyň biragyzdan goldanylmagy esasynda kabul edilen Kararnama laýyklykda, 26-njy noýabr «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edildi. Bu halkara resminama ýurdumyzyň durnukly ulag ulgamyny kemala getirmekde durmuşa geçirýän umumadamzat ähmiýetli işleriniň rowaçlanýandygynyň nyşanydyr. Halkara derejesindäki şanly senäniň bellenilýän gününiň 2016-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabatda BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatynyň geçirilmegi bilen baglanyşykly bolmagy has-da buýsandyrýar. Şol forum hem-de 2022-nji ýylyň 15-16-njy awgustynda Awazada geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat yklym we dünýä derejesindäki ulag-üstaşyr geçelgeleri işjeňleşdirmekde uly ähmiýete eýedir.

► Soňky ýyllarda Türkmenistanyň sebitde we dünýäde ulag ulgamyny ösdürmek babatda öňe süren möhüm başlangyçlarynyň birnäçesi BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamalary bilen berkidildi. «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny», «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn özara gatnaşyklary üpjün edilmegi ugrunda», «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek», «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamalaryň kabul edilmegi bu hakykatyň aýdyň mysallarydyr. ◄

Batyr KULIÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.