Türkmen-saud hyzmatdaşlygy işjeň ilerledilýär

22 Maý 2023
377

19-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Saud Arabystanynyň Patyşa maşgalasynyň agzasy Emir Muhammed ben Saad ben Halid Al Saud bilen bolan duşuşygynda sazlaşykly ösýän köptaraply hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň diňe bir ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda däl, eýsem, abraýly halkara düzümleriň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigi nygtaldy. Myhmanyň belleýşi ýaly, Saud Arabystanynda sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerine, ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmek boýunça öňe sürýän netijeli başlangyçlaryna hem-de işjeň ilerledýän parahatçylyk we ynanyşmak diplomatiýasyna kanagatlanma bildirilýär.

"Nesil".