Türkmenistan — Gazagystan: ykdysady hyzmatdaşlygyň giň gözýetimleri

22 Maý 2023
502

Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak, halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyply önümleriň önümçiligini ýokarlandyrmak, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek maksadyndan ugur alýar. Bu ugurda durmuşa geçirilýän işler daşary ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde, bazar gatnaşyklaryny kemala getirmekde, işewürlik başlangyçlaryny höweslendirmekde oňyn netijeleri berýär. Şonuň üçin-de, Türkmenistan goňşy hem-de sebit döwletleri bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň gerimini barha giňeldýär.

ürkmenistanyň we Gazagystanyň köpugurly gatnaşyklary hoşniýetli goňşuçylyga, dost-doganlyga we özara bähbitli strategik hyzmatdaşlyga esaslanýar. Soňky ýyllarda türkmen-gazak hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ýokary depginde ösdürilýär. Ýakynda, has takygy, 15-nji maýda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirilen Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň 12-nji mejlisi hem munuň nobatdaky mysalyna öwrüldi.

«TÜRKMENISTAN»