Özbegistanyň Ispaniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Jahangir Ganiýew Ispaniýanyň «Almar Water Solutions» kompaniýasynyň bölüm müdiri Luis Blanko, şeýle-de kompaniýanyň marketing we telekeçiligi ösdürmek bölüminiň başlygy bilen gepleşik geçirdi.
Gepleşigiň barşynda Özbegistana daşary ýurt maýa goýumlaryny we ösen tehnologiýalary çekmek, hapa suwlary arassalamakda desgalary gurmak ara alnyp maslahatlaşyldy. Taslama barada şu ýylyň mart aýynda geçirilen Özbek-ispan hökümetara toparynyň mejlisiniň çäginde guralan işewürlik forumynda aýdylyp geçilipdi.