Asylly ýörelgeler rowaçlanýar

21 Maý 2023
511

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz dün­ýä döw­let­le­ri bi­len hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk­la­ry ös­dür­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk­la­ra mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär. Şeý­le hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk­lar Türk­me­nis­tan bi­len Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da hem has-da ös­dü­ril­ýär. Şun­da «Mer­ke­zi Azi­ýa — Hy­taý» sam­mi­ti­ne hem mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär. Mu­nuň özi döw­let­le­riň hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk­la­ry­ny ala­mat­lan­dyr­ýar, şeý­le hem söw­da-yk­dy­sa­dy, me­de­ni gat­na­şyk­la­ry has-da ös­dür­mä­ge uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­dik­le­ri­ni be­ýan ed­ýär.

Ýa­kyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Mer­ke­zi Azi­ýa — Hy­taý» sam­mi­ti­ne gat­naş­mak üçin Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň Şen­si we­la­ýa­ty­nyň paý­tag­ty­na iş sa­pa­ry­nyň bo­lan­dy­gy­ny aý­ra­tyn bel­le­mek ge­rek. Sa­pa­ryň do­wa­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Ber­di­mu­ha­me­do­wyň we Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň Baş­ly­gy Si Szin­pi­niň ara­syn­da gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di. Bu şan­ly wa­ka­lar dost­luk­ly döw­let­le­riň hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk­la­rynyň bin­ýa­dy­nyň berk­di­gi­ni aý­dyň be­ýan et­di. Iki dost­luk­ly döw­let­le­riň ara­syn­da­ky dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­lar ýo­la goý­la­nyn­dan bä­ri hoş­ni­ýet­li hyz­mat­daş­lyk ýo­ka­ry de­re­je­le­re eýe bol­dy. Hoş­ni­ýet­li hyz­mat­daş­ly­ga, dost­lu­ga esas­lan­ýan gat­na­şyk­la­ry has-da ös­dür­mek­de halk­la­ryň bäh­bit­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän ugur­la­ra aý­ra­tyn üns be­ril­ýär.

Ha­bib HAL­MÄM­ME­DOW,
Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.