«7/24. tm», №21 (156), 22.05.2023.
2023-nji ýylyň 18-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Hytaý Halk Respublikasyna ugrady. «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi welaýatynyň paýtagtyna iş sapary bilen baran hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen gepleşikleri geçirdi.