Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Saud Arabystanynyň Patyşa maşgalasynyň agzasy bilen duşuşdy

20 Maý 2023
1238

Aşgabat, 19-njy maý (TDH). Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Saud Arabystanynyň Patyşa maşgalasynyň agzasy Emir Muhammed ben Saad ben Halid Al Saud bilen bolan duşuşygynda sazlaşykly ösýän köptaraply hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, myhman türkmen halkynyň Milli Liderine Saud Arabystanynyň Patyşasynyň we Mirasdüşer Şazadasynyň aýdan mähirli sözlerini ýetirdi hem-de Gahryman Arkadagymyza mähriban käbesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanjyny aýtdy.