«KazanForum — 2023»: Ykdysady gatnaşyklary ilerletmekde giň mümkinçilikler

20 Maý 2023
503

18-19-njy maýda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçirilen «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2023» XIV halkara ykdysady forumy dürli döwletlerden wekilleri bir ýere jemlemek bilen, özara pikirdir tejribe alyşmagyň, ösüş strategiýalaryny ara alyp maslahatlaşmagyň netijeli meýdançasyna öwrüldi. Dünýä döwletleriniň 84-sinden 15 müňe golaý wekiliň gatnaşmagynda ýokary derejede guralan foruma Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy.

Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam bermek maksady bilen, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Karary esasynda şu ýyl federal derejesi berlen ykdysady ugurly bu çäre «Ynanyşmak we hyzmatdaşlyk» şygary astynda guralyp, daşary ýurtlaryň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara guramalaryň, iri ulag-logistika kompaniýalarynyň, maliýe düzümleriniň ýolbaşçylarynydyr wekillerini, köp sanly diplomatlarydyr bilermenleri bir meýdançanyň başynda jemledi. Russiýa bilen yslam dünýäsiniň ýurtlarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we özara düşünişmegi pugtalandyrmakdaky möhüm ornuna ýokary baha berip, Türkmenistan hem soňky ýyllarda bu forumyň işine işjeň gatnaşýar. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň 19-njy maýynda RF-niň Tatarystan Respublikasyna gulluk iş saparyny amala aşyryp, «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanSummit — 2022» XIII halkara ykdysady sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşandygyny aýratyn nygtamak gerek.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».