Dünýä ýaýylýan gymmatlyklar

18 Maý 2023
1457

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Türkmen keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri» hem-de «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi» ýaly medeni mirasymyzyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi medeni we edebi gymmatlyklarymyzyň şan-şöhratynyň dünýä dolýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalary, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Bu guramanyň esasy maksatlary bilim, ylym we medeniýet ulgamynda ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ýola goýmakdan we netijeli ösdürmekden ybarat. ÝUNESKO medeni ýadygärlikleriň we tebigy landşaftlaryň gorap saklanylmagy ulgamyndaky halkara derejesinde işleri alyp barýar. Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy boldy.

Myrat TUWAKOW,
TYA-nyň Dil-edebiýat, taryh we pedagogika ylymlary bölüminiň müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.