Dostlugyň we özara hormatyň nyşany

18 Maý 2023
698

Şu ýylyň 5-6-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä hem-de Şa aýalyna täç geýdirmek dabarasyna gatnaşmak üçin Beýik Britaniýa amala aşyran iş sapary dostluk, özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda guralýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigini tassyklan möhüm waka boldy.

5-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bukingem köşgünde Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä hem-de Şa aýalyna täç geýdirmek dabarasy mynasybetli guralan resmi kabul edişlige gatnaşdy. Çäräniň dowamynda döwlet Baştutanymyz Birleşen Patyşalygyň Patyşasy Karl III-ni Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan täç geýdirmek dabarasy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde-de okgunly ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi. Öz gezeginde, Birleşen Patyşalygyň Patyşasy Karl III Türkmenistana bolan saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy hem-de Beýik Britaniýa bilen Türkmenistanyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň geljekde-de ilerlediljekdigini belledi.