Türkmenistan – Täjigistan: strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň ýolunda

18 Maý 2023
503

Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýar. Ýokary we hökümet derejelerinde guralýan yzygiderli saparlar döwletara dialogy ähli ugurlar boýunça pugtalandyrmaga, anyk netijeleri gazanmaga ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 10-11-nji maýda Täjigistana amala aşyran ilkinji döwlet saparynyň çäginde Duşenbede geçirilen ýokary derejeli gepleşikler hem umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlyga täze itergi bermegiň ýolunda möhüm ädime öwrüldi.

Myhmansöýerlik däplerine eýerip