Parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine

18 Maý 2023
699

16-njy maýda Türkmenistanyň Mejlisi Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy bilen bilelikde paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «ÝHHG-niň çäginde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny» atly halkara maslahat geçirdi.

Ýurdumyzyň täze taryhyndaky şanly seneleriň biri bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda geçirilen bu foruma gatnaşmak üçin Aşgabada Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysy Margareta Sederfelt, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň edarasynyň agzalary, halkara bilermenler, görnükli jemgyýetçilik we syýasy işgärler, birnäçe ýurtlaryň parlamentarileri geldiler.