Gadymy däplere esaslanýan dostluk

16 Maý 2023
326

Deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli ösdürilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Parahatçylyk we ösüş babatynda netijeli çemeleşmeleriň gözlegi, hoşniýetli goňşuçylyk däpleriniň hemmetaraplaýyn berkidilmegi Türkmenistanyň hemişelik üns merkezinde bolmak bilen, halkara ulgamyndaky gepleşikleriň hil mazmunyny kesgitleýär. Hormatly Prezidentimiziň ýakynda Täjigistan Respublikasyna bolan döwlet sapary hem gadym döwürlerden bäri dowam edip gelýän dost-doganlyk gatnaşyklary, iki halkyň bähbitlerine gabat gelýän hyzmatdaşlyklary täze derejä çykarmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.

Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň alyp barýan ählumumy adamzat bähbitli syýasatlarynyň netijesinde, täze mazmunlar bilen baýlaşyp ösýär. Iki döwlet hem dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge we çuňlaşdyrmaga höwes bildirýän deňhukukly hyzmatdaşlar hökmünde çykyş edýär. Iki döwletiň hem sebit boýunça möhüm geosyýasy, geoykdysady we geostrategik mümkinçiliklere eýe bolmaklary özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge önjeýli goşant goşýar. Gadym döwürlerden gözbaş alyp, ruhy-medeni köklere daýanýan, deňhukukly, özara peýdaly hyzmatdaşlyk däpleri esasynda ýola goýlan türkmen-täjik gatnaşyklary häzirki döwürde hem birek-biregi goldamagyň, ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmegiň ajaýyp nusgasyna öwrülendigine şaýatlyk edýär.

Oguljemal NURMYRADOWA,
«Ahal durmuşy».