Düýn Gazagystanyň Almaty şäheriniň «Atakent» söwda merkezinde «Central Asia Houseware» atly öý-hojalyk, durmuş elektronika harytlarynyň 20-nji halkara sergisine badalga berildi.
Ugurdaş iş alyp barýan hünärmenleriň köpugurly işewürlik platformasyny döretmek maksady bilen geçirilýän halkara gözden geçirilişe türkmen telekeçileri hem myhman hökmünde gatnaşýarlar. Iri ykdysady gözden geçiriliş ýerli we myhman telekeçilere öz önümlerini görkezmäge, degişli bazary öwrenmäge, eksport-import şertnamalaryny baglaşmaga, şeýle-de Merkezi Aziýa bazarynda işewürligi has-da giňeltmäge ýardam berer.