"Zenan kalby" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-10, 38-61-74, 38-62-05
Email: zenankalby@sanly.tm

Makalalar

Täsin ykbally zenanlar

Hünäriň haýsy birini alanyňda-da, ol çyn zehini, gaýduwsyzlygy, tutanýerliligi, maksada okgunlylygy, esasan hem, isleg-höwesi talap edýär. Taryhyň gatlaryna ser salanyňda, geçmişde şeýle häsiýetleri özünde jemlän, islendik hünäri özleşdirmekde erkekler bilen deň derejede gadam uran zenanlaryň köp bolandygyna göz ýetirýärsiň. Geliň, olaryň käbirleri hakynda ýatlap geçeliň. Walentina Serowanyň 25 ýaşynda adamsy ýogalýar. Aleksandr Serow öz döwründe ökde kompozitor bolupdyr. Walentina adamsynyň ýazyp tamamlanmadyk işleriniň üstünde işläp başlaýar. Şeýdip onuň garalama depderçelerinden hem-de ýadynda galan ýatlamalardan «Duşmanyň güýji» operasyny we «Täze ýyldan öň» atly sazyny gaýtadan işläp, gutarýar. Ondan soňra Walentina «Uriel Akosto» atly operasyny ýazýar. Şol döwür bu opera sahna ussatlary tarapyndan teatrlarda ýerine ýetirilip, halkyň söýüp diňleýän eserine öwrülýär. Bu opera eseri zenana şöhrat getirýär. Ol Moskwada Russiýanyň ilkinji zenan kompozitory hökmünde alkyşlanypdyr. Walentina opera eserleriniň bäşisini döredýär. Onuň ýene-de bir arzuwy sazçylyk mekdebini gurmakdy. Şol arzuwy bilen Walentina 1913-nji ýylda Nowgorod oblastynda 500 orunlyk konserwatoriýany we opera zalyny gurdurýar.

Öý bikesi öwrense...

Gabakdan kotlet Gerekli önümler: 800 g gabak (kabaçki), 3 sany ýumurtga, 1 çaý çemçe duz, 5 nahar çemçe un, ösümlik ýagy, 3 nahar çemçe gaýmak ýa-da maýonez, pomidor we gök otlar.

Sepgitde seresap boluň!

Sepgit döwründe howanyň häli-şindi üýtgäp durmagy, ýagny ertir-agşam birneme sowap, gündizlerine yssy bolmagy, aram-aram ýagyş ýagmagy, bulutly howa birneme gartaşan adamlarda, şeýle-de ýokary dem alyş ýollarynyň dowamly sowuklamasyndan, ýürek-damar ulgamynyň sökelliklerinde bogun agyrysynyň dürli görnüşlerinden ejir çekýän adamlarda oňaýsyz ýagdaýlary döretmegi, şol agzalan näsazlyklaryň beterleşmesiniň, gozgamasynyň ýüze çykmagy mümkin. Şu ýagdaýlaryň öňüni almak üçin saglygyň hakynda wagtynda alada edip, maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp durmaly. Güýz paslynda howa sowap, bedeniň gyzynmak üçin köp güýç-kuwwat sarp etmegi, Gün şöhlesiniň ýetmezçiligi bedeni tapdan düşürip, immun, nerw ulgamlaryny gowşadýar. Bu bolsa öz gezeginde, adamyň ukuçyl, ysgynsyz bolmagyna getirýär. Şeýlelikde, güýz paslynda ýygy-ýygydan sowuklamanyň, allergiýanyň, ötüşen keselleriň gozgamagy mümkin. Deriniň gurak, tozanjyrap durmagy, reňkiniň öçügsilenmegi, dodagyň uçuklamagy, ganazlyk, ýadawlyk, işdäsizlik ýaly alamatlar hem ýüze çykýar.

DÖRTBURÇ MYHAK / Гвоздика четырехчешуйная

Häsiýeti. Dag derman ösümligi. Dörtburç myhak — myhaklar maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 30 — 50 sm köpýyllyk otjumak wekili. Esasy sähelçe agaçlaşan, baldagynyň sany birnäçe, göni ýa-da az-kem galyp duran, sähelçe şahalanan, tas tüýsüz. Baldakdaky ýapraklary çyzykly, ýiti, ýasy, uzynlygy 2 — 5 sm we ini 1 1/2 — 2 mm, baldaga gysylyp duran ýa-da birneme gyşaran. Gülüň aşak ýanyndaky ýapraklarynyň teňňejiginiň sany 4 ýumurtga görnüşli, ýitileşen. Okarajygynyň uzynlygy 20 — 30 mm we ini 3-4 mm, uzyn (8 mm uzynlygy) ýiti dişjagazly.

Ýyldyzlar näme diýýär? Oktýabr 2024

HAMAL (Guzy) 21.03 — 20.04 Oktýabrda hamallara işjeň durmuş garaşýar. Esasy zat, bu aýda hiç kimiň göwnüne degmejek boluň. Bu aýyň şygary — mümkin boldugyndan dostana bolmak, ruhubelent pikirlenip, islendik kynçylygy ýeňip geçmäge dyrjaşmakdyr.

Güýzüň datly miwesi

Nar gyzyl reňkli, galyň gabykly, ýüzlerçe dänelerden ybarat bolan tropik we subtropik miweleriň biri. Bollugyň nyşany hökmünde görülýän bu miwäni iýmegiň lezzetiniň bir aýry bolşy ýaly, onuň saglyk üçin peýdasy hem başgaçadyr. Güýzde hasyl berýän bu naryň gyzyl reňkini berýän komponentler köp keselleriň öňünde galkan ýaly bolup hyzmat edýär. Nar, nar şiresi, gabygy, güli, ýagy, sirkesi iýmitlik we gözellik önümleri hökmünde ulanylýar. Naryň düzümi kaliý, fosfor, kalsiý, magniý, demir, sink ýaly minerallardan, K, C, E, B1, B2, B6 witaminlerinden ybarat. Naryň düzümindäki punik kislotasy antioksidant işjeňlige eýedir. Geçirilen barlaglaryň netijesinde, naryň we nar şiresiniň beýleki miwelerden hem-de gök önümlerden aýratynlygynyň sebäbiniň, antioksidant işjeňliginiň üç esse köp bolmagyndadygy anyklanyldy.

Ýollar abat – iller abat

Eziz Watanymyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adam, onuň saglygy, ömri barada edilýän aladalar döwlet syýasatynda esasy orunda durýar. Ine, şu gün – 2-nji sentýabrda Halkara okuw-ylmy merkeziniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň guramagynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga badalga berilmegi mynasybetli pudagara maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler biraýlygyň dowamynda çagalar bilen bir hatarda, ýol hereketine gatnaşýan ähli raýatlaryň hem bu babatdaky düşünjesiniň artmagyna giň mümkinçiligiň döreýändigini aýratyn bellediler. Orta mekdeplerde we çagalar baglarynda ýol hereketiniň howpsuzlygy bilen bagly dürli çäreleriň guralýandygy hem aýratyn nygtaldy. Bagtyýar zamanamyzda ýol hereketiniň düzgünlerini berk berjaý etmegi maslahatda çykyş edenler aýratyn nygtadylar. Ýollaryň abadan, illerimiziň abat bolmagy arzuw edildi.

Bilimler güni

Gelmegine barmak büküp sanalar,Talyp ýaşlar güni, Bilimler güni.Iň ajaýyp aýdymlara ýanalar,Talyp ýaşlar güni, Bilimler güni. Düzüler oglanlar, gyzlar hatara,Pursat berer süýji oýa batara,Bilim dünýäsine sary atarar Talyp ýaşlar güni, Bilimler güni.

Ismim düşdi ilden-ile...

«Zenan kalby» žurnalynyň meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Mary welaýat bölümi bilen bilelikde şu gün, ýagny 29-njy awgustda gadymy Merw topragynda geçirilen «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik şeýle atlandyryldy.

Ýaş nesil röwşen geljegimizdir

Çaga – durmuşymyzyň güli, röwşen geljegimiziň eýesi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Watanymyzda çagalaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Ýagty ertirimiziň dowamaty bolan eýjejik çagalarymyzyň  bagtyýarlykdan balkyldaýan gözlerinde, şadyýan ýaňlanýan gülki seslerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrümiziň nurly kuýaşy bar. Ynha, şu gün – 19-njy awgustda paýtagtymyzdaky «Garagum» myhmanhanasynyň arkasynda gurnalan sergi meýdançasynda «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap çagalar baglary, mekdepler, bedenterbiýe, sagaldyş-dynç alyş toplumlary gurlup, bagtyýar çagalaryň düýpli bilim almagy, dünýägaraýşyny giňeltmegi, olarda ýokary ahlak sypatlarynyň kemala getirilmegi üçin amatly durmuş şertleri döredilýär» diýen dürdäne sözleri ýurdumyzda körpe nesil baradaky üns-aladanyň dowamlydygyny ýene bir ýola dünýä ýaýdy.

“Magtymguly – söz ummanynyň ägirdi” atly bäsleşige

Soltanym, alkyş al, ýagmyr ýagdyryp!Bizem munda geçeris goş ýazdyryp,Kalbymyň öýünde — ot deý ýandyrypbarýan bir alawly yşka sataşdym.

Milli senetçilik we dünýä tejribesi

Göze gelüwli, owadan zatlaryň deňinden biparh geçip bolmaýar. Ine, şu gün – 7-nji awgustda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň guramagynda geçirilen «Türkmen milli senetçiligini ösdürmegiň meseleleri we dünýä tejribesi» atly maslahatda milli el işleriniň sergisiniň deňinden hem biparh geçip bilmedik. Kalbynda ylham, mähir çogýan türkmen zenanynyň döredýän gudratyna haýran galýarsyň. Maslahata gatnaşan Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň «Çyzuw we materiallaryň garşylygy» kafedrasynyň mugallymy Arzygül Köşiliýewa:   

Ýyldyzdan ýol ýasap, Aýa sataşdym...

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly toýunyň uly dabara bilen bellenilýän günlerinde «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlary tarapyndan älem giňişligindäki ýagty, parlak ýyldyzlaryň birine «Arkadag» adynyň goýulmagy, bu asman jisimine «Arkadag» adynyň dakylandygyny tassyklaýan güwänamanyň, şeýle-de teleskopyň we onuň düşüren suratlarynyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gowşurylmagy baradaky hoş habar bizi ýyldyzlar äleminiň syrly dünýäsine gaýybana syýahata alyp bardy. Eýsem-de, biz asman bezegi bolan ýyldyzlar barada nämeleri bilýäris? Gijeligi aýdyňlyga öwrüp, şöhle saçýan ýyldyzlar bilen bagly halkymyzyň durmuşynda gadymy döwürden ýaýran yrym-ynançlar bar. Ýyldyzlaryň tebigata, ynsan täleýine edýän täsirleri halk döredijiligidir gadymy dessanlarymyzdan hem aýan. «Bagt ýyldyzy» «Umyt ýyldyzy», «Ýyldyza toýnak salmak», «Ýyldyzy gowuşmak», «Ýyldyzlar näme diýýär?» ýaly asman jisimleri bilen bagly jümleler, megerem, halkymyzyň ýyldyzlaryň ylahy güýjüne bolan ynam-ynançlaryndan dörändir. Älem giňişliginde ýerleşýän ähli ýyldyzlar 88 topara bölünip, olaryň hersiniň gadymdan gelýän hususy atlary bar. Gojaman Köpetdagyň eteginde gurlan Arkadag şäheriniň bir ýyllygynyň şanyna «Arkadag» diýlip atlandyry

Arkadagyň beýik binalary — bagtyýarlyk nyşany

Ýaşaýşyň iň täsin tarapy dünýäde ähli zadyň özgerip, durmuşyň dynuwsyz ösýänligidir. Adamzat hem maddy tarapdan, hemem ruhy-aňyýet tarapdan hemişe gözlegde bolup, durmuşy özgertmek bilen uly taryhy ýoly geçipdir. Dünýä taryhynyň öçmejek sahypalarynda görnükli yz goýan türkmen halkynyň döredijilik, gurujylyk kuwwaty Garaşsyzlyk eýýamynyň ajaýyp maddy, ruhy keşbini ussatlyk bilen döretmegiň egsilmez çeşmesine öwrüldi. Garaşsyzlygyň otuz üç ýyly gurmak, döretmek bilen dowam etdi. Şu döwürde tutuş ýurdumyzyň keşbi täzelendi, gözelleşdi. Binagärligiň özboluşly, baý tejribesi döredi. Häzirki zaman şähergurluşyk syýasaty ähli beýleki ugurlardaky ösüşlerimiz bilen birlikde, türkmen binagärliginiň üýtgeşik döredijilik ýolunyň kemala gelmegine şert döretdi.

Magtymguly, öwüt bergil söz bile

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Köpetdagyň seleňläp, gol ýaýyp oturan eteginde şahyryň doglan gününiň 300 ýyllyk toýy mynasybetli açylan «Magtymguly Pyragy» medeni seýilgäh toplumyna baryp, Gündogaryň beýik danasynyň heýkelini synlap durşuňa, onuň kalbyňa mähir mukamy bolup ýazylan goşgy setirleri seriňe dolýar. Sebäbi şygyrlaryň her setiri filosofiki pikirlere, öňdengörüjilige, pähim-paýhasa, nesihatdyr wesýetlere baý. Ajaýyp heýkele tagzym edip durşuňa, çagalyk döwrümizde dana şahyryň şygyrlaryndaky parasatly pikirleri, öwüt-ündewleri pederlerimiziň aňymyza guýuşlary, käbir adamlaryň söz ussadynyň ähli şygyrlaryny ýatdan bilişlerine haýran galyşymyz biygtyýar göz öňüňe gelýär. Şol ýyllarda eşiden gürrüňleriň aň eleginde elenene dönýär. Olary töwerek-daşyň bilen paýlaşmaga howlugýaň. Magtymguly atamyzyň şygyrlarynyň üsti bilen öňe süren pikirlerini içgin öwrenmek bilen çäklenmän, eýsem, olary daşary ýurt diline terjime edip, uzak ülkelerdäki dostlarymyza ýetirmegi, ony dünýä ýüzüne ýaýmagy maksat edinen ynsanlaryň biri-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň daşary ýurt edebiýaty kafedrasynyň müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty, dosent Romanguly Mustakowdyr.

Mümkinçilikleriň deňzi

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow VI Hazar sammitinde bu deňzi hut şeýle atlandyrdy. Şeýle diýmezçe-de däl. Hazar — bäş döwletiň arasynda ýerleşýän täsin suw giňişligidir. Ol uly köldür, daşky suwlara — deňizlere we ummanlara suw çykalgasy ýokdur. Emma şeýle ägirt uly bolansoň, adamlar oňa deňiz diýýärler, ähli resminamalarda, kartalarda, hatda iň gadymy kartalarda-da ol şeýle atlandyrylýar. Bu onuň birinji täsinligi. Ikinji täsinligi onuň Aziýa bilen Ýewropany birleşdirip durýanlygydyr. Hut şu ýagdaý hem onuň halkara ähmiýetini artdyrýar. Bu deňiz arkaly Türkmenistan Hazarýaka döwletleri bilen araçäkleşýär. Hazaryň türkmen kenary dostlugyň, parahatçylygyň, syýahatçylygyň mekany hökmünde dünýäde tanalýar. Hazar deňzi tebigy we biologik serişdeleri özleşdirmekde, ekologiýada, deňiz kenarynda dynç alşy guramakda, sporty we turizmi ösdürmekde, medeniýetleri ýakynlaşdyrmakda örän ähmiýetlidir. Hazarda we onuň sebitinde nebit bar, gaz bar, elektrik energiýasyny almakda oňaýly şertler bar. Suw jandarlarynyň — balyklaryň dürli görnüşi, şol sanda bekre balygynyň dünýädäki iň uly gory, dünýäde ýeke-täk görnüş bolan Hazar düwleni bar. Suwda we batgalyklarda ýaşaýan guşlaryň, şol sanda gyşda ýyly ýurtlara uçup gidende düşläp g

Döwletlilik ýörelgesi bilen

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň güýz paslynyň ilkinji aýynda ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň baýramçylyk ediljek günleriniň öňüsyrasynda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylar türkmen halkynyň maddy hal-ýagdaýyny, durmuş-ykdysady ösüşini, halkara abraýyny belende götermegiň ösüşli ýollary barada gürrüň ederler, pikir alşarlar. «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýlişi ýaly, türkmen halky ähli döwürde-de döwletli işleriň başyna baryljak bolnanda atly-abraýly ýaşululara geňeşmegiň, ýaşkiçileriň pikirini diňlemegiň oňyn netije berjekdigine düşünipdir. Taryhy geçmişimize nazar aýlanymyzda, her döwrüň patyşasynyň, hökümdarynyň köşgünde öz dana gojalarynyň, parasatly wezir-wekilleriniň, pähimli geňeşçileriniň, ýolgörkezijileriniň bolandygy bize mälim. Aýratyn ähmiýete eýe bolan bu nusgalyk ýörelgäniň gözbaşynda Gorkut ata, Görogly begiň atasy Jygalybeg, Çagryl we Togrul begiň atalary Seljuk beg, Oguz hanyň dana weziri Erkil hoja ýaly pähim-parasatly kişileriň bolandygy guwandyryjydyr. Goja taryhymyzyň sahypalary pederlerimiziň durmuş tejribesi, parasatly maslahatlary bilen baýlaşyp, halkymyzyň şu günki bagtyýar durmuşa — mu

Günüň şypaly şöhlesi

Bu şypahana barada metbugat sahypalaryndan okap, bejerijilik aýratynlygy, lukmançylyk hyzmatlary, döredilen amatly şertler we mümkinçilikler barada azda-kände tanyşlygym bardy. Onda-da näme, «Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen» diýilýär. Gözüň bilen göreniň bir başga bolýar.

Magtymguly hakynda söhbet

Otuz ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň altynjy arkasy Ata işan Muhammedi Annagurban ahun, onuň ogullary — şahyryň ýedinji arkasy Gara işandyr Aba işan Muhammedi Nazarmämmet Muhammedi bilen söhbetdeş bolup, beýik akyldarlaryň ömrüne-döredijiligine degişli maglumatlary toplamak bize miýesser etdi. Bu işlerimiz häzirki günlerde hem dowam edýär. Ýaňy-ýakynda Aba işan bize agasy Gara işanyň ömrüniň 35 ýylyny sarp edip, halk arasyndan Magtymguly Pyragy hakda toplan maglumatlarynyň käbirini gürrüň berdi.

Akyldar türkmen kino sungatynda

1968-nji ýylda meşhur sungat ussady Alty Garlyýew «Magtymguly» çeper filmini döretdi. Alty Garlyýewiň Magtymguly Pyraga bolan gatnaşygy barada ýörite aýtmalydyrys. Ol Magtymgulyny tükeniksiz ruhy älem hasaplaýardy, ony irginsiz okaýardy, öwrenýärdi, ony il-gününe has giňden tanatmagyň arzuwynda gezýärdi. «Altynyň ýassygynyň aşagynda mydama Magtymgulynyň şygyrlar kitaby bardy» diýip, oňa juda belet kärdeşleri gürrüň berýärler. Alty Garlyýew bu ugurda iňňän kän çorba sowadýar, ýazýar, göwni ýetmän pozýar, ýene ýazýar... Ahyry uly söz ussady, dosty Berdi Kerbabaýew bilen awtorlykda «Magtymguly» operasynyň librettosyny döredýär. Ençeme ýyl geçse-de, Alty Garlyýew Magtymguludan ara açyp bilmeýär. Gaýtam, ol şahyryň syrly dünýäsine ymykly aralaşýar. «Magtymguly» filminde Magtymgulynyň keşbini janlandyrýan Hommat Müllük şeýle ýatlaýardy: «Alty aga maňa kyn, jogapkärli ýumşy tabşyrypdy. Men ony Alty Garlyýewiň ýakyndan hemaýaty, goldawy bilen alyp çykdym. Men şonda sungat ussadynyň Magtymgula niçiksi çuň düşünýändigine, halkymyzyň däbini, dessuryny iň maýdaja gyldyrganjygyna çenli ilik-düwme bilýändigine doly göz ýetirdim. Alty aga-da edil Magtymgulynyň özi ýaly, tüýs halkyň oglydy...»