«Halk hazyna» hojalyk jemgyýeti – jogapkärli we ygtybarly hyzmatdaş

5 Awgust 2021
2713

Bazar gatnaşyklaryna geçilýän häzirki zaman şertlerinde hormatly Prezidentimiziň örän oýlanyşykly başlangyçlary esasynda hususy ulgamyň ösdürilmegine uly ünsüň berilmegi ýurdumyzda öndürilýän önümleriň önümçilik depgininiň artmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Döwlet tarapyndan döredilýän mümkinçilikler bolsa türkmen telekeçileriniň importyň ornuny tutýan, eksport ugurly önümleri öndürmeklerine giň ýol açýar. Bu babatdaky işler senagat ugurly önümçilikde hem üstünlikli alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň senagat zolagynda ýerleşýän «Halk hazyna» hojalyk jemgyýeti dürli görnüşdäki we göwrümdäki plastik gaplaryň önümçiligini ýola goýdy. Kärhanada buýurmalar esasynda süýt we süýt önümleri, himiki serişdeler üçin niýetlenen plastik gaplar öndürilýär. Şeýle hem «Halk hazyna» hojalyk jemgyýeti müşderileriň islegine görä, gaplara haryt nyşanyny çap etmek işlerini hem alyp barýar. Ýewropanyň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrylan kärhanada çap ediji enjamyň kömegi esasynda ofset usulynda plastik gaplara harydyň nyşany çap edilýär.

Täzegül Kuljikowa
«RYSGAL» gazeti