Ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümler

27 Iýul 2021
2861

Ýurdumyzyň tikinçilik kärhanalary öz işlerinde, ilkinji nobatda, ilatyň möwsümleýin isleglerini nazarda tutup, dünýä meýillerine laýyklykda, lybaslaryň, egin-eşikleriň täze görnüşlerini işläp taýýarlaýarlar we önümçilige hödürleýärler. Häzirki wagtda tomus paslynyň dowam edýän günlerinde tikinçilik kärhanalarynda erkekler we zenanlar üçin tomus möwsümine niýetlenen egin-eşikler, şeýle-de mekdep okuwçylary we talyplar üçin niýetlenen lybaslaryň önümçiligi ýokary depginde alnyp barylýar. Mary welaýatynyň Mary şäherindäki «Eşretli bagtyýar zaman» hususy kärhanasynda hem buýurmalar esasynda egin-eşikleriň dürli görnüşleri taýýarlanylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda giň göwrümli özgertmeler we maksatnamalaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Kiçi we orta telekeçilik ösýär we hususy pudagyň wekilleriniň işleriniň gerimi giňeýär, häzirki zaman önümçilik kärhanalarynyň sany barha artýar.

Güljahan Amanmyradowa
«RYSGAL» gazeti