Kärhananyň ümzügi ileri

4 Aprel 2021
2558

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Abadan haly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýeten derejesi, gazanan üstünlikleri, «Tüweleme!» diýdirýär. Hormatly Prezidentimiziň iri önümçilik kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşyp, ak pata beren gününden bäri, bu ýerde zähmet çekýän telekeçiler her iş gününi uly üstünliklere besleýärler.

Kärhana 2016-njy ýylyň 15-nji fewralynda açylyp, onda täze iş orunlarynyň 200-den gowragy döredildi. Öndürilen önümleriň möçberi bir ýylda 800 müň inedördül metre barabar boldy. Satuwa çykarylanda, owadan hem nepis, berk hem ýumşak halylara müşderiler tarapyndan dessine isleg bildirilip, olar döwletli öýleriň törüniň bezegine öwrüldi. Türkmen topragynda öndürilýän önümler ekologiýa taýdan arassa, hil derejesi ýokary bolup, daşary ýurt bazarlarynda bäsdeşlige ukyply, bahalary-da elýeterli. Milli nagyşly, şeýle-de döwrebap nusgaly halylar göreniň ünsüni özüne çekýär. Tiz wagtdan olara isleg has-da artdy. Müşderiler öz isleglerine görä, dürli reňkli, dürli nagyşly ululy-kiçili halylary buýrup başladylar. Bu ýagdaý önümçiligiň giňeldilmegini, önümiň möçberiniň artdyrylmagyny talap etdi. Netijede, kärhanada täze, öňdebaryjy enjamlar ornaşdyrylyp, işçi sany hem köpeldildi. Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda ýerleşýän «Abadan haly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde alnyp barylýan işler bilen tanşanymyzda, bu hakykata ýakyndan göz ýetirdik.

Keýik UMAROWA.
«Türkmenistan». Surata düşüren Meretdurdy ROZYÝEW.