Gülälegiň keşbi siňen keşdeler

24 Fewral 2021
2361

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, welaýat medeniýet müdirliginiň hem-de welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde guramaklarynda «Keşde çeker ellerim» ady bilen geçirilen bäsleşik «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna bagyşlandy.

Gahryman Arkadagymyzyň milli mirasymyza aýratyn üns bermegi bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe zenanlarymyzyň zehininden döreýän el işleriniň gadymy nusgalaryna täze öwüşginler çaýylyp, olaryň kämilleşdirilmegine giň ýollar açyldy. Halkymyzda ene-mamalarymyzdan miras galan el işleri nesilme-nesil dowam etdirilýär. Asyrlar aşyp, ýyllar geçdigiçe, olar täze öwüşginlere beslenýär.

Ejeş GUWANJOWA.
Surata düşüren Olga LebedEwa.