Döwletiň döwletli pudagy

24 Fewral 2021
1953

Adamlaryň, esasan hem zenan maşgalanyň gündelik durmuşda iň köp barýan ýeri, megerem, söwda merkezleri bolsa gerek. Onuňam öýüne iň golaýdakysy. Özüm-ä şeýle. Ýaşaýan ýerime golaý söwda merkezine gün içinde bir ýa iki gezek däl, dört-bäş gezekden hem köp barýan bolmagym gaty ahmal. Öýçülik-dä, birden iýmit ugrundan bir gerek zat ýüze çykýar, birdenem başgarak görnüşli bir zat... Ýöne aýtjak bolýan esasy zadym, meniň nämeleri alýanyma satyjylaryň belet bolup gidenligi. Eger-de men olara gatyk ýa ýogurt gerekdi diýsem, «Elin» nyşanly, şöhlat önümlerini sorasam «Özgeriş» nyşanly, arassaçylyk serişdeleri ýa-da çagalar üçin arlyk aljakdygymy bilseler «Ak-bulut» nyşanly önümleri görkezerler. Bu ýagdaý indi däbe öwrülip barýar. Ýöne bu ýagdaýyň düýp sebäbi, meniň dandawçyllygym däl-de, ýurdumyzyň telekeçilik pudagynyň batly depgin bilen döwrebap derejede ösýändigi, hususy kärhanalaryň öz müşderileriniň göwnüni tapmak üçin golda baryny gaýgyrmaýandyklarydyr. Elbetde, öz ýurduňda öndürilen önümi iýip-içeniňde-de, ulananyňda-da, hamana öz gapyňdaky sygryň süýdünden ýa bolmasa, öz agylyňdaky malyň etinden taýýarlanan ýaly, özüňi arkaýyn hem göwnühoş halda duýýarsyň. Oýlanyp otursaň, şeýle ýakymly ýagdaýlaryň aňyrsynda hormatly Arkadagymyzyň halkymyzyň her bir raýatynyň birek-birege bolan hormat-sarpasyny ösdürip, agzybirligini berkitmek ugrunda edýän päk yhlasly işleriniň miwesi hem-de döwletimiziň hususyýetçilik pudagyny gülletmek bilen bagly başlangyçlarynyň şowlap, uly ýola düşendiginiň aýdyň alamaty görünýär.

Ýokarda agzalan hususy kärhanalar, hojalyk jemgyýetleri biziň — uly ýurduň bir kiçijik maşgalasynyň «ýakyn dostlaryna» öwrülip giden kärhanalar. Emma ýurdumyzda biziňki ýaly maşgalalaryň, gör, näçesiniň ýaşaýandygyny, olaryň hem bu babatda öz saýlawlarynyň bardygyny nazarda tutsaň, onda sanawymyz bir makala sygmasa gerek. Çünki biz ýurdumyzda bireýýämden bäri adygyp gelýän «Täze Aý», «Gönezlik», «Garpamyk», «Aýazbaba», «Mähekdaş» nyşanly süýt we et önümlerini öndürýän, «Hasar», «Misgär», «Duýgy» ýaly ençeme süýji-köke önümlerini öndürýän abraýly hususy kärhanalaryň, arassaçylyk serişdelerini öndürýän «Mono», «Täç hil» ýaly köpleriň söýgüsini gazanan kärhanalaryň ençemesiniň bardygyny hem buýsanç bilen aýtmalydyrys.

Ýörite habarçymyz.