Bir nahal ekseň, ýaşyň baky

17 Fewral 2021
2035

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyz boýunça 30 million düýp nahal ekiler

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen ýylyň jemlerine we şu ýylyň birinji aýynyň netijelerine bagyşlanyp geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyz boýunça 30 million düýp agaç nahalyny ekmek barada Karara gol çekdi. Bu asylly iş Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň esasyny düzmek bilen, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, tebigy gurşawy abat saklamak, adamlaryň ýaşaýşy üçin oňaýly daşky gurşawyň hem-de estetikanyň sazlaşygyny emele getirmek ýaly wezipeleriň çözülmegi bilen berk baglanyşyklydyr.

Akmyrat ROZYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.