Dost-doganlyk ýollary bilen

29 Ýanwar 2021
1846

Halkymyz «Aý dogsa, Älem görer» diýip, hak aýdýar. Jeýhun bilen Bahry-Hazaryň arasyndaky ymgyr sährany tutup duran türkmeniň bu gadym ýurdy dünýäde ykrar edilen milli Lideriniň beýik tutumlary netijesinde halkara bileleşikde deňli-derejeli, arzylanýan, sözi diňlenilýän döwlete öwrüldi. Dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ilkinji gezek ykrar edilen hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Baştutanynyň parahatçylygy döretmek sungaty dünýä ýaň saldy. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip, yglan edilen 2020-nji ýylda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda, Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýy dabaralandy. Bu şanly ýylda döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipelerini mynasyp amal etmäge bagyşlanan halkara we okuw maslahatlary giňden ýaýbaňlandy. Olarda baky bagtyýarlygyň mekany bolan Türkmenistan döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda her bir ulgamyň öňünde durýan wezipeleri durmuşa geçirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

2020-nji ýyl Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şan-şöhratynyň gaýtadan dünýä dolan, ýurdumyzyň halkara abraýynyň mundan beýläk-de pugtalanan ýyly boldy. Hormatly Prezidentimiziň daşary syýasatynyň düýp özeninde türkmen Bitaraplygy dur. Taryhda dünýäniň dürli künjegine göç edip, ol ýerlerde döwlet guran ata-babalarymyza mahsus bu ýörelgäni häzirki günde Türkmenistan dünýä nusgalyk taglymat derejesine ýetirdi. Milli Liderimiziň sözleri bilen aýtsak: «Bitaraplyk — bu biziň bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary bagtyýarlyga çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr».

Mährem BABAMYRADOWA,
Hojambaz etrabynyň Mekan geňeşligi.