Nadalyň nobatdaky rekordy

27 Ýanwar 2021
1919

«Uly tuwulga» kubogyny iň köp gazanan iki tennisçiniň biri bolan ispaniýaly Rafael Nadal täze rekord goýdy. Ol ATP-niň yglan edýän sanawynda yzly-yzyna 800 hepdeläp ilkinji onlukda galmagy başardy. Häzirki wagtda 2-nji basgançakda barýan Nadal muny başaran ilkinji tennisçi boldy. Bu ugurda ozalky rekord Jimmi Konnorsa degişli bolup, yzygiderlilikde 789 hepdeläp birinji onlukdan düşmändi. Nadal 2005-nji ýylda ilkinji gezek öňdäki onluga adyny ýazdyrypdy. 33 ýaşly tennisçi şondan bäri ýeke gezek hem ilkinji onlukda aşak düşmän gelýär. Umumylykda, Nadal ilkinji onlukda 800 hepdäni arka atan 3-nji tennisçidir. Ondan öňde yzygiderli bolmadyk ýagdaýda şweýsariýaly Rojer Federer 931 hepde bilen 1-nji, amerikaly Jimmi Konnors 816 hepde bilen 2-nji ýeri eýeleýär.