Bagtyýarlygyň şuglasy

26 Ýanwar 2021
1934

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesli okatmagyň we terbiýelemegiň täze ugurlary üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiz mugallymlaryň hünär ussatlygyny kämilleşdirmeklerine ähli mümkinçilikleri döredýär. Şonuň üçin hem häzirki döwürde ylym-bilim ösdürilýär, ýaşlara döwrebap bilim berilýär.

Hormatly Prezidentimiz hünär ussatlygyňy kämilleşdirmek üçin diňe ýadawsyz zähmet çekmegi, öz bilimiňi yzygider artdyrmagy, hünär derejäňi we ussatlygyňy kämilleşdirmegi, täze usullary özleşdirmegi maslahat berýär. Ýurdumyzda täze döwrebap usullar bilim ulgamyna ornaşdyryldy. Bilim ojaklarynda bilim berilmeginiň hilini hem-de netijeliligini artdyrmak üçin bu ulgama döwrebap maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary girizildi. Orta we ýokary okuw mekdepleri kompýuter enjamlary bilen üpjün edilýär. Bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde, orta mekdepleriň okuw tertipnamasyna düýpli täzelikler girizildi. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetiň esaslary, Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä medeniýeti, modelirleme we grafika, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary hem-de döwrebap tehnologiýalar, ekologiýa, özüňi alyp barmagyň medeniýeti ýaly dersler binýatlaýyn sapaklaryň hataryna goşuldy. Okuwçylaryň öwredilýän daşary ýurt dilleriniň sanawyny artdyrmak hakyndaky çözgüt hem kabul edildi. Iňlis, fransuz, nemes we ýapon dillerini öwredýän mekdepleriň sany artdy. Hormatly Prezidentimiziň adyndan ýurdumyzyň 1-nji synp okuwçylaryna netbuk kompýuterler gowşuryldy. Bu bolsa çagalaryň başlangyç synplarda kompýuter tehnologiýalaryndan baş çykaryp bilmeklerine oňyn mümkinçilik döredýär.

«Mugallymlar gazeti».