Döwrümiziň binagärlik waspy

25 Ýanwar 2021
1809

Hormatly Prezidentimiziň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň 2021-nji ýyldaky ilkinji mejlisinde «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Guramaçylyk komitetini döretmek hakynda» Karara gol çekmegi, maslahatlardyr iş saparlarynda öňde goýýan wezipeleri taryhy ähmiýetli şanly senä uludan taýýarlyk görülýändigine şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolmagynyň 30 ýyllygy bellenilýän bu ýylda iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň ençemesini açyp, ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Bu dabaralar bilen birlikde, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň geçirilmegi, Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň, tennis boýunça Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşyň guralmagy, Lebap welaýatyndaky Medeniýet hepdeligi we beýleki taryhy wakalar Garaşsyzlygyň gymmatlyklaryny, ýurdumyzyň özygtyýarly ösüş ýolundaky gazananlaryny dabaralandyrar.

Rahmanberdi GÖKLEŇOW.
«Türkmenistan».