Rowaçly menziller

21 Ýanwar 2021
1904

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň paýtagtyny we sebitlerini ösdürmek babatynda dünýä nusgalyk guwandyryjy işleri durmuşa geçirýär. Şol maksat bilen, ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda, Diýarymyzyň obalarynda, şäherçedir şäherlerinde dürli maksatly desgalaryň gurluşygyna aýratyn üns berýär. Medeni-durmuş, önümçilik maksatly döwrebap desgalaryň, nusgalyk obadyr şäherçeleriň yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilmegi bilen ýurdumyzyň sebitleri günsaýyn täze keşbe beslenýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda täze, döwrebap obalaryň we şäherçeleriň ençemesiniň gurluşyklary alnyp barylýar. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Köpetdag, Owadandepe, Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşlikleriniň çäginde şeýle döwrebap obalar gurulýar. Mundan başga-da Gökdepe etrabynyň çäginde Ahal welaýatynyň döwrebap dolandyryş merkeziniň gurluşyk işleri güýçli depginde dowam edýär. Bu zatlar hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň her bir welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek babatdaky maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň alamatydyr.

Türkmen halky Arkadagly döwrümiziň her bir ýylynda dürli maksatly desgalaryň açylyş dabaralaryna şaýat bolup gelýär. Geçen, 2020-nji ýylda Watanymyzda köp sanly durmuş, önümçilik maksatly binalaryň we desgalaryň gurlup, toý ruhunda ulanylmaga berilmegi, bagtyýar maşgalalaryň müňlerçesiniň jaý toýlaryny toýlamagy hem bu hakykatyň dabaralanmasyna öwrüldi.

Hemra AKMÄMMEDOW,
Ak bugdaý etrabynyň prokurorynyň kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist.