Sanly ykdysadyýet ösüş ýolunda

21 Ýanwar 2021
3085

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Türkmenistanda 2019—2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Üç tapgyrdan ybarat bolan bu Konsepsiýanyň her tapgyrynyň öz wezipeleri bar. Şeýle hem ol maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynyň häzirki ýagdaýyny, konsepsiýanyň maksadyny, wezipelerini, ony amala aşyrmagyň ugurlaryny, gurallaryny, maliýe taýdan üpjünçiligini we garaşylýan netijeleri özünde jemleýär.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Sanly ykdysadyýeti döretmezden, döwletimiziň ösüşini göz öňüne getirmek asla mümkin däldir. Şoňa görä-de, sanly ykdysadyýet bütin dünýäde innowasiýalary öňe sürmegiň, bäsleşige ukyplylygy we ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini üpjün etmegiň möhüm şertine öwrüldi. Bu ugur ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda täze wezipeleri öňde goýýar. Şeýle hem durmuş-ykdysady meseleleri çözmäge bütinleý täzeçe çemeleşmegiň zerurdygyny görkezýär».

Jennet SAPAROWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar institutynyň talyby.