Okamak — dünýäni açmak

7 Ýanwar 2021
2327

Ene-atanyň çagasyna miras goýup biljek iň gymmatly hazynasy kämil terbiýedir. Şahsyýetiň kämil bolmagyny üpjün edip biljek iň ygtybarly ýol okamakdyr. Adamyň kitapdan okan zatlary onuň häsiýetine siňýär. Kitap okamak dünýägaraýşyňy giňeldýär, maglumatlaryň ýa-da hadysalaryň dowamyny, netijesini öňünden oýlanmak, utgaşdyrmak, seljermek we pikirlenmek ukybyny ösdürýär. Dowamly kitap okamak ünsüňi jemlemek endigini gazandyrýar. Bu bolsa adama durmuşda islendik ýagdaýlarda özüni ynamly, ugurtapyjy hereket etmäge gönükdirýär. Özümize we jemgyýetimize has gowy düşünmek üçin kitaplar bilen berk gatnaşyk saklap, oňa durmuşymyzyň bir bölegi hökmünde garamagymyz gerek. Iň esasysy bolsa kitap okamak endigini nesillerimiziň aňynda berk ornaşdyrmagymyz zerur.

Kitap okamak endikleriň naýbaşysydyr. «Çaga aýdanyňy däl, edeniňi eder» diýlişi ýaly, çagalar örän synçy bolýarlar, olar ene-atasynyň hereketlerini gaýtalamagy gowy görýärler. Şonuň üçin bu ugurda ene-atalaryň görelde bolmagy zerurdyr. Her gün çagalaryňyz bilen kitap okamaga we olaryň okan zatlaryny gürrüň bermegine wagt aýyrmaly. Çagalaryň wagtyny sarpaly we peýdaly sarp etmegi öwrener ýaly gyzyklyja kitaplary sowgat etmegi ýörelge edinmelidir, çagalaryň kiçijik üstünliklerini-de kitaplar bilen sylaglandyrmaly. Öýde ýörite kitaphanajygy döretmeli we çagalary ony ulaltmaga, okan kitaplary bilen baýlaşdyrmaga höweslendirmeli. Tiz wagtdan bu olaryň endigine öwrülip gider. Ädim ädip ýöremegi öwredişiňiz ýaly, çagaňyza iň wepadar dosty tutunmaga kömek etmekde-de ýaltanmaň.

Merjen GURBANKULOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.