Täze üstünlikler — bagtyýarlygyň şuglasy

7 Ýanwar 2021
2358

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň: «Her bir döwletiň binýadynyň berkligi, ösüşiniň ýokary depgini, ýaşaýyş-durmuş derejesi ýurtda alnyp barylýan bilim-ylym syýasaty bilen berk baglydyr» diýip parasatlylyk bilen bellemegi ylym-bilimiň ösüşleriň gözbaşydygy baradaky düşünjä anyk we özboluşly many öwüşginlerini berýär.

Jemgyýetiň ösüşinde ylym-bilim esasy orny eýeleýär. Häzirki taryhy döwürde ýurdumyzy ösdürmegiň türkmen nusgasy täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, Türkmenistanyň dünýä bileleşigine has ynamly goşulyşmagyny üpjün edýän milli bilim we ylym ulgamy özünde uly mümkinçilikleri jemleýär. Gahryman Arkadagymyz ylmyň döwletiň kuwwatydygyny, şoňa görä-de, ýurdumyzy okgunly ösdürmek, Türkmenistanyň dünýäniň syýasy, ykdysady, medeni giňişligindäki bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin köp işleri durmuşa geçirýändigimizi yzygiderli belleýär. Bu halk bähbitli işlerde ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryndan, täze tehnologiýalardan, innowasiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak wezipelerinden ugur alnyp, Diýarymyzda bu ulgama düýpli maýa goýumlary gönükdirilýär.

Eziz HOMMADOW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.