Naz-nygmatly toý saçagy

21 Dekabr 2024
138

Ata-babalarymyz toý bilen baglanyşykly birnäçe däp-dessurlary nesillerimize miras galdyrypdyrlar. Şolaryň biri-de saçagy bezemek däbidir. Ynanja görä, toý saçagyny dürli naz-nygmatdan näçe dolduryp bilseň, rysgal-döwletiň hem şonça bol bolýar. Bu Täze ýylyň toý desterhanynyň başynda has-da äşgär duýulýar. Sebäbi saçak başynda oturan adamlar täze gelýän, garşylanýan ýylyň-da, edil toý saçagynyň üsti ýaly, bolçulykly ýyl bolmagyny arzuw edýärler.

— «Bereketli türkmen saçagy» atly kitapda bellenilişi ýaly, biri-birinden süýji tagamlar türkmende näçe diýseň bar. Olaryň ählisi diýen ýaly sahy topragymyzda bitýän önümlerden taýýarlanýar. Şeýle bolansoň, olarda türkmen ruhunyň, türkmen dünýäsiniň özboluşly ýakymy we özüne çekiji taraplary bar. Men şeýle tagamlaryň 50-ä golaýyny taýýarlap, ildeşlerimize hödür edip gördüm — diýip, köp ýyllaryň dowamynda Kerki şäherindäki işçiler jemgyýetçilik iýmiti kärhanasynda zähmet çeken we ylmy işleri ýazan Çary Rozymyradow gürrüň berýär.

Hudaýberen ABRAÝEW.
(Öz habarçymyz).