Çagalar — bagtyýar geljegimiz

7 Ýanwar 2021
2383

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eneleriň we çagalaryň hukuklaryny hem-de kanuny bähbitlerini goramak, çagalara aýratyn üns bermek, olara söýgi, mähir, alada bilen garamak döwlet syýasatymyzda ileri tutulýan möhüm ugurlaryň biridir. Hormatly Prezidentimiziň çagalar hakyndaky atalyk aladalary netijesinde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän, täze enjamlar, multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen çagalar baglarydyr mekdepler gurlup, ulanylmaga berilýär.

Bagtyýar çagalygyň ýurdy bolan Watanymyz mähriban Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine berk eýermek arkaly goňşy ýurtlar, şeýle-de dünýäniň beýleki döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary, netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürýär. Ýurdumyz çaganyň hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramak, eneligi we çagalygy goldamak babatda BMG-niň Çagalar gaznasy — ÝUNISEF bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

Nazjemal AŞYROWA,
Balkanabat şäherindäki 5-nji «Sülgün» çagalar bagynyň müdiri.