Ösüşli ýollarda eziz Diýarym

5 Dekabr 2024
132

29-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.

Mejlisiň Başlygy we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän ugurlary boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler. Hususan-da, Beýik Ýüpek ýolunyň Hazarýaka şahalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça halkara bilermenleriň sebitleýin duşuşygyny geçirmäge görülýän taýýarlyk, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli medeni çäreleri geçirmegiň guramaçylyk meseleleri, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň «Lukmançylyk ylmy we innowasiýalar» atly ylmy elektron žurnalyny döretmek boýunça görülýän çäreler, «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk barada aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz hasabatlar bilen tanşyp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek babatda öňde durýan wezipeleri netijeli ýerine ýetirmekde birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

«Arkadag»