Sanly ykdysadyýet — üstünlikleriň kepili

4 Dekabr 2024
217

Mähriban Watanymyz bu gün sazlaşykly ösýän hem-de özgerýän kuwwatly, berkarar döwlet hökmünde bütin dünýäde giňden tanalýar. Adamzat jemgyýetiniň ösüşleri we özgerişleri bolsa ylym bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli nesiller bolup ýetişmekleri, dünýä ylmynyň gazananlaryna mynasyp goşant goşmaklary üçin ýurdumyzda döredilýän şertler giň gerimliligi hem-de netijeliligi bilen tapawutlanýar. Bu babatda berkarar döwletimizde yzygiderli geçirilýän dürli dabaralar we ylmy bäsleşikler zehinli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn, sowatly ýaşlary ýüze çykarmakda, olaryň ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Ykdysadyýet ulgamynda innowasion ösüşi çaltlandyrmak, şol bir wagtda internetden peýdalanmak we maglumat-tehnologiýalar ulgamyny işjeňleşdirmek arkaly, sanly ykdysadyýeti giň gerimde ornaşdyrmak hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň strategik ugurlarynyň hatarynda durýar.

Hormatly Prezidentimiz turuwbaşdan ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi baş ýörelge hökmünde kabul etdi. Munuň özi ykdysadyýetimizi köpugurly ösdürmegiň, şeýlelikde ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny pugtalandyrmagyň iňňän ygtybarly ýoludyr. Ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna döwrebap halkara tejribäniň we täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, halkara we sebit derejeli ulag düzüminiň döredilmegine, döwletimiziň halkara derejedäki at-abraýynyň ýokarlanmagyna, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulanmagyna we innowasion enjamlaryň içgin ornaşdyrylyp başlanmagyna aýratyn ähmiýet berildi. Bu bolsa hünärleriň täze görnüşleriniň emele gelmegine esas bolup hyzmat etdi.

Madina RAIMBAÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.