Bilim işgärleri Fransiýada saparda boldular

3 Dekabr 2024
211

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň professor-mugallymlary we hünärmenleri «Emeli aň» tehnologiýalaryny, maglumat howpsuzlygyny ýakyndan öwrenmek hem-de olaryň okuw-usuly, ylmy-barlag işlerine ornaşdyrylyşy bilen ýakyndan tanyşmak maksady bilen Fransiýa Respublikasynda iş saparynda boldular.

Iş sapary döwründe bu baýry ýokary okuw mekdebiniň wekilleri Pariž şäherindäki Sorbonn uniwersitetine, Amerikan işewürlik ýokary okuw mekdebine, Pariž şäher uniwersitetine baryp, nazary we amaly bilimiň guralyşy, okuw işine «Emeli aňyň» ornaşdyrylyşy, inženerçilik we fizika ugurlary boýunça 3D modelirleme, robototehnika ulgamlary üçin ulanylýan ýörite programmalary okuw işine ornaşdyrmakda täze, döwrebap tehniki serişdeleriň mümkinçilikleri bilen tanyş boldular. Bu ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlary we hünärmenleri bilen adamzadyň kämil paýhasynyň we tehnologiýalar babatda soňky gazananlarynyň önümi bolan «Emeli aň» tehnologiýalary bilen işleýän onlaýn okuw modelleri arkaly talyplaryň ukybyna görä okuw programmalaryny düzmegiň, okuw ulgamyny dolandyrmagyň döwrebap usullary barada özara pikir alyşdylar.