Kanagatly kişi

4 Ýanwar 2021
1796

Ýaşulularyň aýtmaklaryna görä, Halaç etrabynyň Etbaş obasynyň bir çetinde Hudaýguly atly ezber bagban ýaşapdyr. Onuň uly bagy bar eken. Miweli daragtlar hasyl berip başlandan soň obanyň käbir ýaş-ýeleňleri gijelerine baga girip, bibaşlyga ýüz urup başlapdyrlar. Ýere garylyp depgilenilen miweleri, döwlüp ýerde ýatan şahalary görüp, bagbanyň nebsi agrapdyr. Ol obanyň kethudasynyň ýanyna baryp, her günki ýagdaýy bolşy-bolşy ýaly gürrüň beripdir, ýöne ogrynyň kimdigini bilmek islemeýändigini aýdypdyr. «Olar öz obamyzyň oglanlarydyr, soň men olary ömürlik ýadymdan çykaryp bilmän kösenerin. Şonuň üçin hem sizden bir haýyşym bar. Kime alma, erik, garaly, üzüm ýa-da başga miwe gerek bolsa ýanyma gelibersin. Men olara daýhanyň, Hudaýyň haky üçin mugtuna bererin. Ýöne gijelerine gelip, agaçlaryň şahalaryny döwmesinler. Şu habary adamlara ýetirip berseňiz!» diýip, haýyş edipdir.

Obanyň kethudasynyň we ýaşulularyň kömegi bilen bu habar tizden il arasyna ýaýrapdyr. Şondan soň ogurlyk edilmändir. Uly-kiçi bagbanyň ýanyna gelip, gerek miwesini sorap mugtuna, köpräk gerek bolsa arzan bahadan satyn alyp başlapdyr.

Çary ISAÝEW,
Farap etrap prokurorynyň kömekçisi, ýustisiýanyň geňeşçisi.