«Owaz bilen sözlärin» («Heň­ňam he­ka­ýat­la­ry» top­lu­myn­dan)

2 Ýanwar 2021
1956

Pälwansypat, tegelekden gyzyl ýüzli, epeý-epeý basyşly, agrasdan äwmän gürleýän adamyň keşbi gözde galypdyr. Ondan bäri är ömri geçiberipdir. Geçen asyryň 80-nji ýyllarynda her gün diýen ýaly gabatlaşylan, salamlaşylan wagtlar indi hakyda depderinde ýatlama bolup galdy. Ýaňy ýokarda «gyzyl ýüzli» diýipdim. Şu wagt oýlanýan weli, aslynda ak ýüzli bolup, türkmen ýurdunyň jöwzasyna garalansoň gözüme şeýle görnen bolmaly. Epeý-epeý basyşam ulumsylykdan däldi, ýasawy salykatly bolany üçindi. Birki agyz gep alşyp-alyşmankaň: «Ýaz ýaly adam eken-ow» diýdiräýýärdi.

Bir gezek Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şol wagtlar Ýazyjylar birleşmesiniň Daşoguz welaýaty boýunça edebi maslahatçysy Hangeldi Garabaýewe pete-pet gelnende, el uzadyp:

Gurbannazar ORAZGULYÝEW,
ýazyjy