Milli medeniýetimize buýsanç

12 Noýabr 2024
467

Häzirki «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gazanylýan üstünlikler, beýik ösüşler ähli watandaşlarymyz bilen birlikde, bilim işgärlerini hem örän buýsandyrýar. Bu ýylda hem şöhratly taryhymyz, milli medeniýetimiz, nusgawy edebiýatymyz dünýä ýaýylýar, giňden wagyz edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda medeniýet diplomatiýasy ösdürilýär. Hut şonuň netijesinde hem, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň eserleri dünýä dillerine terjime edildi.

Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasly başlangyçlary netijesinde, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasaty üstünliklere beslenýär. Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz «Açyk gapylar» we oňyn Bitaraplyk syýasatyny amala aşyryp, parahatçylykly, hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklaryna esaslanýan giň gerimli halkara hyzmatdaşlygyna ygrarlydygyny görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik ýörelgesi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam edýär. Hemişelik Bitarap döwletimiziň daşary syýasat strategiýasynyň esasy maksady dünýä bileleşigi bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginden ybaratdyr. Türkmenistanyň daşary döwletler bilen hyzmatdaşlygy döredijilikli we ynanyşmak häsiýetine eýe bolup, özara bähbitli we birek-birege hormat goýmak esasynda yzygiderli ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiziň hemişelik Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasaty dünýäniň ähli döwletleri bilen özara bähbitli syýasy, ykdysady hem-de medeni- ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir. Hut şeýle hoşniýetli gatnaşyklaryň rowaçlanmagynda medeniýet diplomatiýasynyň uly orny bardyr.

Selbi AMANOWA,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 87-nji orta mekdebiň mugallymy.