Gurluşyk-senagat toplumy — döwrebaplygyň binýady

6 Noýabr 2024
253

Garaşsyz Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagyna, hususan-da, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligine möhüm orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly: «Gurmak we döretmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy şygarydyr. Innowasion önümçilikleri döretmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmek boýunça gurluşyk we senagat toplumynda uly işler amala aşyrylýar». Bu bolsa ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalary durmuşa geçirmekde toplumyň aýratyn ähmiýete eýediginiň subutnamasy bolup durýar.

Häzirki döwürde gurluşyk pudagyna gönükdirilýän ägirt uly maýa goýum serişdeleriniň, ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum gurşawynyň, telekeçiligi goldamak babatda durmuşa geçirilýän netijeli çäreleriň şähergurluşyk syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna goşant goşýandygyny aýratyn bellemek gerek. Bu syýasatyň çäklerinde paýtagtymyzda we welaýatlarda önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň her ýylda ençemesi gurlup ulanmaga berilýär, ozal bar bolanlarynyň durky täzelenilýär. Şeýle giň gerimli işler halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, şäherdir obalarda halkara ülňülere laýyk gelýän möhüm düzümleri kemala getirmäge gönükdirilen durmuş ugurly syýasatyň aýdyň netijesi bolup durýar.

«Esger».