Milli ykdysadyýetiň kuwwatly toplumy

5 Noýabr 2024
337

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy köpugurly ösdürmek boýunça badalga beren maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň uly paýy bardyr. Her ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününiň bellenilmegi, ugurdaş halkara maslahatyň we serginiň geçirilmegi milli ykdysadyýetiň möhüm pudaklarynyň kuwwatly ösüşini dabaralandyrýar. Bu gün ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga, welaýatlary ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalar gurluşyk, energetika, senagat pudaklarynyň binýatlaýyn ösüşini pugtalandyrmak bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Şonuň üçin ýurdumyzyň dürli künjeginde alnyp barylýan gurluşyklar, täze senagat kärhanalarynda, ylmy-tehniki innowasiýalaryň gazananlaryna esaslanyp, öndürilýän önümlerdir edilýän hyzmatlaryň möçberiniň, görnüşleriniň artdyrylmagy möhüm ähmiýete eýedir.

Gurluşyk materiallary senagatyny ösdürmegiň esasy ugurlary önümçilik tehnologiýalaryny kämilleşdirmek, önümleriň görnüşini giňeltmek we iň täze tehnologiýalary ulanmak bilen, olaryň täze görnüşlerini özleşdirmek, şeýle hem ýerli mineral çig mallary rejeli we netijeli peýdalanmak bolup durýar. Prezident Maksatnamasynda eksporty artdyrmaga we milli bazary üpjün etmek üçin öz önümçiligimizi ösdürmäge gönükdirilen kärhanalaryň döredilmegi bilen bagly wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Pudaklaýyn gurluşda gaýtadan işleýän we taýýar önümleri öndürýän kärhanalaryň paýy artýar. Şu ýyl Lebap we Bäherden sement zawodlarynyň mümkinçiligi her ýylda 1 million tonna sement öndürmäge deň bolan ikinji tapgyrlarynyň gurlup, ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň kuwwatlyklaryny pugtalandyrmakda möhüm tapgyr boldy.

Yslam TYLLANUROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.