Üzärlik — peýdaly ösümlik

29 Oktýabr 2024
425

Ýurdumyzyň tebigaty ösümliklere örän baý. Olardan oba hojalyk ekinleriniň zyýankeşlerine garşy öldürikden, ajy buýandan, dänegerçekden, şoratandan, üzärlikden, ýowşandan, ajy kekreden, sogandan, sarymsakdan biologiki serişdeleri taýýarlamak we netijeli peýdalanmak bolar. Oba hojalyk ekinleriniň zyýankeşlerine garşy ýerli ösümliklerden taýýarlanan erginleri ulanmak ekologiýa we ykdysady taýdan ähmiýetli hasaplanýar. Alkaloidleri özünde saklaýan ösümliklerden taýýarlanan erginler zyýan berijileriň köpelen we ýaýran ýerlerinde rejeli peýdalanylsa, himiki serişdeleri ulanmagyň zerurlygyny azaltmaga mümkinçilik berýär.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik işinde ýurdumyzyň çäginde ösýän ösümlikler, olaryň himiki düzümi, dermanlyk häsiýetleri barada örän gymmatly maglumatlar beýan edilýär. Şol maglumatlar oba hojalyk ekinleriniň zyýankeşlerine we kesellere garşy göreşmegiň biologik usulynda ösümlikleriň dürli görnüşlerini ulanmaga mümkinçilik berýär.

Muhammetmyrat ANNAMÄMMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.