Talyp ýaşlar bäsleşdiler

24 Sentýabr 2024
531

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher geňeşi Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebi bilen bilelikde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýy mynasybetli «Beýik söz ussady Magtymguly Pyragy» atly şygar astynda 1-nji ýyl talyplaryň gatnaşmagynda bäsleşik geçirdi. Bäsleşik üç şertden ybarat bolup, onuň dowamynda talyplar hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gazanylan ösüşleri, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýetilen beýik sepgitleri, abraý-mertebesi dünýä dolan ýurdumyzy şahyrana wasp etdiler. Bäsleşigiň 2-nji şertinde talyplar beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny labyzly, çeper okamak boýunça bäsleşdiler. 3-nji şertde talyplar toý-dabaralary, teleýaýlymlarda gepleşikleri alyp barmak boýunça bäsleşip, öz söz ussatlyklaryny, suhangöýlüklerini görkezdiler.

Bäsleşikde 1-nji orna Şanur Atdaýew, Selbinyýaz Muhammedowa, 2-nji orna Aýnur Pollyýewa, Mekan Amangeldiýew, 3-nji orna Züleýha Klyçewa, Didar Muhammedow dagy mynasyp boldular. Ýeňijilere TMÝG-niň şäher geňeşiniň ýadygärlik  sowgatlary gowşuryldy.

Jennet GULMYRADOWA,
TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.