Gadymy şähere täze ömür bagyşlanýar

1 Maý 2024
1403

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ata Watanymyz, şol sanda biziň welaýatymyz halkara derejesindäki maslahatlaryň, sammitleriň, dabaralaryň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Ynha, geçen hepdede Türkmenabat şäherinde geçirilen «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem dünýä ähmiýetli çäreleriň biri boldy. ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň, welaýat häkimliginiň bilelikde guran maslahatyna Russiýa Federasiýasyndan, Beýik Britaniýadan, Merkezi Aziýa döwletlerinden alym-arheologlar, mirasy öwrenijiler gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy esasynda Lebap topragynda geçirilen maslahata halkara derejesinde şeýle uly ähmiýet berilmegi ýöne ýere däl. Çünki häzirki wagtda tutuş dünýäde, şol sanda biziň ýurdumyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan maddy we ruhy mirasy çuňňur öwrenmäge, gorap saklamaga uly üns berilýär. Gadymy Amul şäheri hem geçmişde diňe sebitiň däl, eýsem, umumadamzat medeniýetiniň pajarlap ösmegine saldamly goşant goşan mekandyr.

Myrat TAGAN ogly,
ýörite habarçymyz.