Bedewleriň çyn muşdagy

27 Aprel 2024
1113

Babaraplylaryň meleguşlary owadanlykda özlerini dünýä tanadan ajaýyp atlardy. Meleguşlaryň ilkinjisi, 1956-njy ýylda iňlis şa zenanyna sowgat berlipdi. Ikinjisi bolsa 1959-njy ýylyň 11-nji dekabryndan 1960-njy ýylyň 29-njy fewraly aralygynda Hindistanyň Deli şäherinde geçirilen halkara sergi-ýarmarka gatnaşyp, ýerli halkyň haýyşy boýunça dost-doganlygyň nyşany hökmünde olara sowgat berlipdi.

Dünýäni haýrana goýýan meşhur ahalteke tohumyndan bolan şeýle ajaýyp atlary ösdürip ýetişdirmekde ata-babalarymyz seýisçiligiň nusgalyk mekdebini döredipdirler. Şeýle mekdebi döredenler Gökdepäniň gadymy Babarap obasynda hem az bolmandyr. Bu obada Kirpi Gadam, Ata Gurt... ýaly atşynaslar ýaşap geçipdirler. Şolaryň biri hem Myrat Rüstem eken. Myrat aga owadan, ýyndam ahalteke atlarynyň ençemesini ýetişdirmekde zähmetini gaýgyrmadyk atşynaslaryň biri bolupdyr. Biz onuň ömür ýoly bilen gyzyklanýandygymyzy ýaňzydanymyzda, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň hünärmeni, bu ugurda indi kyrk ýyl bäri zähmet çekip gelýän halypa atşynas Kerimguly Bäşimow: «Meleguşlaryň Meleguş bolmagynda Myrat Rüstemiň hem mynasyp paýy bar. Onuň nesilleri häzir Babarap obasynda ýaşaýarlar. Myrat aganyň körpe ogluna obada Çarow aga diýýärler. Ondan özüňizi gyzyklandyrýan maglumatlary tapyp bilersiňiz» diýdi.

Annabaýram PAÝAÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.